May 20, 2024 15:50 Asia/Ashgabat
  • Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň gynanç haty we Prezidentiň we onuň ýanyndaky wekiliýetiň şehit bolmagyndan soň köpçülikleýin ýas yglan edilmegi

Eýranyň döwlet baştutanynyň we onuň ýoldaşlarynyň şehitlerçe aradan çykmagy babatly Yslam Ynkylabynyň mertebesi Belent Ýolbaşçysy gynanjyny beýan edip 5 gün matam yglan etdiler.

Aýatolla hameneýi Hezretleri bir sargyt boýunça Eýranyň prezidenti Hojjätol Yslam Welmoslemin Seýed Ebrahim Risiniň, Eýranyň daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahiýan, Gündogar Azerbaýjan welaýatyndaky ýolbaşçylygyň wekili Hojjätol Yslam Welmoslemin Ale Haşemt bu welaýatyň häkimi malek Rähmäti we olaryň ýhemralarynyň dikuçar heläkçiliginde  aradan çykmaklaryny pata aýtdylar.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent Ýolbaşçysynyň sargydynda şeýle gelýär:

Beýik Taňrynyň ady bilen

" Hemmämiz Alla tarapyndandyrys we oňa gaýdyp öwrüljekdiris"

gynanç bilen döwlet baştutany alym we mujahid Seýed Ebrahim Raisiniň we onuň ýoldaşlarynyň şehitlerçe aradan çykmaklary baradaky habary geldi. bu elhenç we gynandyryjy hadysa prezident Risiniň halka hyzmat etmek ugurda alyp barýan işleriniň gidişinde ýüze çykdy  bu beýik ynsan jogapkärçilik döwrüni tutuşlaýyn ilata, ýurda we Yslama hyzmat etmek ugurda geçirdi. eziz Risi ýadamany bilmezdi. bu ajy wakada Eýran milleti gaýdusyz uly we gymmatly hyzmatkärini ýitirdi. ol beýik ynsan hudaýyn we bendeleriniň razylygyny gazanmaklygy alyp barýan syýasatynyň baş hatarynda ýerleşdirendir. oňa görä betniýetli taraplaryň we adamlaryň dil ýetirmeleri we ters hereketleri ony alyp barýan il-bähbitli işlerinden alyp galmady diýip beýan etdiler.

bu agyr hadysada Täbriziň görnükli juma  ymamy Hojjätol Yslam Welmoslemin Ale Haşem, Eýranyň  işjeň daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahiýan, Gündogar Azerbaýjan welaýatynyň  welaýatyň häkimi malek Rähmäti we olaryň ýoldaşlary ýaly uly şahsiýetler aramyzdan gitdiler. onuň üçin men Eýran milletine pata aýtmak bilen ýurtda 5 gün umumy matam diiýp yglan edýärin diýip Aýatolla hameneýi Hezretleri sargydynyň dowamynda beýan etdiler.

ol Hezretleri sargydynyň dowamynda başkanunyň 131-nji asly esasynda jenap Mohber ýerine ýetiriji güýjiň müdiribetini boýun alyp Eýranyň kanunçykaryjy we Kazyýet güýçleriniň başlyklary bilen utgaşyp geljek 50 güne çenli täze prezidentiň saýlanyň iş başyna gelmegine şert döretmelidir diiýp beýan etdiler.