Jyhadyň ýolunda şehit bolan prezidentiň ýoluny dowam etdirmek
(last modified Mon, 20 May 2024 13:08:27 GMT )
May 20, 2024 18:08 Asia/Ashgabat
  • Jyhadyň ýolunda şehit bolan prezidentiň ýoluny dowam etdirmek

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Räisiniň we ýoldaş delegasiýanyň halka hyzmat etmek ýolunda gündogar Azerbaýjan welaýatynda dikuçar heläkçiliginde şehit bolmaklaryndan soňra, köpçüligiň pikiriniň esasy soraglaryndan biri ýurduň häzirki işleriniň nähili dolandyrylmagydyr.

  Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Räisi düýn (ýekşenbe) dikuçar bilen ýurduň Gündogar Azerbaýjan welaýatyndaky "Hoda Afarin suw bendine" baryp görmeginden we birnäçe milli we welaýat taslamalaryny açmagyndan soňra  ol  Tabriziň nebiti gaýtadan işleýän zawody görmek ýolunda Howanyň amatsyzlygy sebäpli Seýid Ebrahim Räisini göterýän dikuçar heläkçilige uçrady we Warzghan sebitinde ýykyldy.

Prezidente we onuň hemralaryna kömek etmek üçin onlarça çalt halas ediş toparynyň iberilendigine garamazdan, dumanly howa we tokaý we daglyk ýerleriň kyn geçişi sebäpli heläkçilige uçran dikuçary tapmak synanyşygy birnäçe sagat dowam etdi. Ahyrsoňy, duşenbe güni halas ediş toparlary heläkçilige uçran dikuçary tapdy.

Bu uçar heläkçiliginde, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahiýan, Tabriziň Juma Ymamy Aýatolla Seýid Muhammet Ali Al-Haşem, Gündogar Azerbaýjan welaýatyň gubernatory Malik Rahmati, şeýle hem prezidentiň howpsuzlyk toparynyň başlygy we uçarmanlar ýaly prezidentiň ýoldaşlary dikuçaryň uçuş ekipasy hem şehit boldylar.

Bu hadysadan soň köpçüligiň pikiriniň, ýurduň ikinji adamynyň ýok ýerinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň nädip dolandyryljakdygy meselesinden aladalanýandygy äşgärdir.

Prezident üçin heläkçilik habaryndan soňky ilkinji sagatda Yslam Rewolýusiýasynyň belent mertebeli ýolbaşçysy "Aýatolla Hameneý", Sepah Pasdaranyň maşgalalary bilen toparlaýyn duşuşygynda bu waka gynanç bildirip, Eýranyň halky alada etmeli däl, bidüzgünçilik bolmar we bu hadysa ýurduň işinde päsgelçilik döretmer diýdiler.

Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň, ýurduň dolandyryşynda durnuklylyga ünsi çekmekden başga-da, Eýran Yslam Respublikasynyň konstitusiýasynda hem şeýle ýagdaýlar üçin "Prezidentiň wagtlaýyn geňeşiniň" çözüt ýoly hem göz öňünde tutulandyr.

Konstitusiýanyň 131-nji maddasyna laýyklykda, president işinden aýrylsa,işinden boşadylsa, wepat bolsa, kesel ýa-da ölüm sebäpli kanuny borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, Wagtlaýyn Prezident Geňeşi öz borçlaryny ýerine ýetirer.

Konstitusiýanyň bu ýörelgesinde şeýle diýilýär: "ýokarda agzalan ýagdaýlar ýüze çykan halatynda, birinji wise-prezident ýolbaşçylaryň razyçylygy bilen öz ygtyýarlyklaryny we jogapkärçiligini öz üstüne alýar we mejlisiň başlygy, kazyýetiň başlygy we birinji wise-prezident iň köp elli günüň içinde täze prezident saýlanmagyny üpjün etmeli. Şeýle hem, Konstitusiýanyň 132-nji maddasyna laýyklykda ,ýurduň Yslam şura mejlisi Prezidentiň ygtyýarlyklary Birinji Wise-prezidente berlen döwürde,ministrleri jogapkärçilige çekip bilmez.