May 26, 2024 09:35 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Russiýanyň resmileri iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ünsi çekdiler

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Russiýanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde iki ýurduň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn maksatnamalaryna baha berdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ali Bagheri şenbe güni internetdäki şahsy sahypasynda şeýle ýazdy: "Diplomatik duşuşyklaryň we aragatnaşyklaryň dowamy hökmünde rus kärdeşim Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn meýilnamalary bilelikde gözden geçirdik."

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Tähran bilen Moskwanyň arasyndaky ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara özara hyzmatdaşlygyň gowulaşýandygyny görkezdi we sözüniň dowamynda köptaraplaýynlygyň ýoly Eýran bilen Russiýanyň adalatly dünýäni döretmek üçin strategiki saýlawydyr we bu dünýäde her bir aktýoryň ukybyna baglylykda mümkinçilik bardyr diýdi.

Tags