May 27, 2024 19:04 Asia/Ashgabat

Eýranyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň müdiri şehitler Ebrahim Raisini we Huseýin Amir Abdollahiany Yslam dünýäsi üçin gymmatly baýlyk hasaplamak bilen Eýran, esasanam yslam ýurtlary bilen halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek isleýär diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň wagytlaýyn prezidenti "Muhammet Mohbar", Maliniň Milli mejlisiniň başlygy "Malik Jalo" bilen Prezident Ebrahim Raisiniň we Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahianyň şehit bolmagyndan soň duşuşygynda bu ýurduň hökümetiniň we halkynyň Eýranyň hökümeti we halky bilen duýgudaşlygyny we raýdaşlygyny beýan edendigi üçin minnetdarlyk bildirmek bilen bu iki abraýly şahsyýetiň ýitmegi kyn bolsa-da, emma Eýran merhum prezidentiň halkara gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny esasanam yslam we ýaran ýurtlar bilen giňeltmek we berkitmek strategiýasyny durmuşa geçirmegi ýüregine düwdi diýdi.

Eýranyň wagtlaýyn Prezidenti, ozara ykdysady gatnaşyklarynyň derejesini ýokarlandyrmak üçin özara mümkinçiliklerden peýdalanmagy zerur hasaplady we Maliniň geçiş döwründen iň çalt geçişine we bu ýurtda hökümetiň doly gurulmagyna umyt bildirmek bilen Eýran Yslam Respublikasy bu işde Mali halkynyň we hökümetiniň tarapynda durandyr we özara peýdalary üpjün etmek üçin tejribelerini we mümkinçiliklerini paýlaşmaga taýyndyr diýdi.

Maliniň Milli mejlisiniň başlygy Malik Jalo hem bu duşuşykda şeýle diýdi: Şehit Ebrahim Raisi we Amir Abdollahianyň Eýran Yslam Respublikasynyň başynda bolmagy Yslam ýurtlary we Yslam dünýäsi üçin umyt çeşmesi boldy.