Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy, Amerikan uniwersitetlerinde palestina halkyny goldaýan ynsaply talyplara ýazan haty
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Amerikan uniwersitetleriniň talyplarynyň sionistlere garşy çykyşlaryna duýgudaşlyk we raýdaşlyk bildirmek bilen, olary garşylyk frontunyň bir bölegi hasapladylar.
Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň edarasynyň maglumatyna görä, Aýatolla Hameneýi Hezretleri, palestina halkyny goldaýan ynsaply talyplara ýazan hatynda Günbatar Aziýanyň ýiti sebitiniň ýagdaýynyň we ykbalynyň üýtgemegine ünsi çekip dünýä taryhynyň öwrülüp barýanlygyny nygtadylar.
Aýatolla Hameneýi ahezretleriniň Amerikan uniwersitetleriniň talyplaryna ýazan hatynyň tekstinde siz indi garşylyk frontunyň bir bölegini emele getirensiňiz we basyp alyjy we rehimsiz sionist režimini aç-açan goraýan hökümetiňiziň rehimsiz basyşy astynda abraýly göreşe başlansyňyz diýdiler.
Aýatolla Hameneýi, amerikan talyplarynyň indi ýüz öwürýän taryhyň dogry tarapynda durandygyny aýdyp uzakdaky uly garşylyk fronty, häzirki duýgularyňyz bilen ençeme ýyl bäri göreşip gelýär diýip beýanetdiler.
Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy, bu göreşiň maksadyny "Sionistler" atly terrorist we rehimsiz bir toparyň Palestina halkyna birnäçe ýyl mundan ozal eden we öz ýurduny basyp alandan soň aç-açan sütemiň öňüni almak diýip atlandyrdylar.Ol Hezretleri sözüniň dowamynda häzirki döwürde sionist aparteid režimiň basyşlary we güýçli gynamalary hem soňky onýyllyklarda aşa eziji hereketleriň dowamydyr diýip nygtadylar.
Aýatolla Hameneýi Hezretleri, Palestinanyň musulmanlardan, hristianlardan we ýewreýlerden ybarat we uzyn taryhy bolan garaşsyz bir ýurtdygyny we Jahan urşundan soň Sionist ulgamynyň kapitalistleriniň, Iňlis hökümetiniň kömegi bilen kem-kemden birnäçe adamy getirendigini onsoň müň terrorçy bu ýurda girdi; Şäherlerine we obalaryna çozdular; On müňlerçe adam öldürildi ýa-da goňşy ýurtlara sürüldi; Jaýlary, bazarlary we ekerançylyk ýerlerini ellerinden aldylar we basyp alnan Palestina topragynda Ysraýyl atly hökümet gurdular diiýp beýan etdiler.
Ysraýylyň basyp alýan režiminiň iň uly goldawçysy, ilkinji Iňlis kömeginden soň, Amerikan hökümeti bu režimi syýasy, ykdysady we ýarag taýdan goldady we hatda günäsini ötüp bolmajak bir hereket boýunça ýadro ýaragyny öndürmegine bu režime ýol açdy we bu ýolda oňa kömek etdi diýip açykladylar.
Amerikan hökümeti we arkadaşlary bu döwlet terrorçylygyna we üznüksiz sütemlere-de garşy çykmadylar; Häzirki wagtda Amerikan hökümetiniň Gazadaky aýylganç jenaýat baradaky käbir sözleri hakykatdan has ikiýüzlidir diýip Mertebesi Belent Ýolbaşçy sözüne goşdular.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: "Garşylyk fronty" bu garaňky we umytsyz atmosferanyň içinden çykdy we Eýranda "Yslam respublikasy" hökümetiniň döredilmegi hem onuň daýanmagyna şert döretdi diýdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy amerikan talyplaryna garap Günbatar Aziýanyň ýiti sebitine ýene bir ykbal garaşýar we dünýä derejesinde köp wyždanlar oýandy we hakykat aýan bolup barýar. Garşylyk fronty güýçlenip barýar we güýçlener, Taryh hem üýtgeýär diýip sözüniň soňunda aýtdylar.