ABŞ we Iňlisliň Yemeniň Sanaa we Hodeida garşy hüjümlerini Eýranyň ýazgarmagy
(last modified Sat, 01 Jun 2024 05:57:39 GMT )
Jun 01, 2024 10:57 Asia/Ashgabat
  • ABŞ we Iňlisliň Yemeniň Sanaa we Hodeida garşy hüjümlerini Eýranyň ýazgarmagy

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ we Angliýanyň Yemeniň Sana'a we Hodeida şäherlerine hüjümlerini ýazgarmak bilen: "elgatyjy döwletler Ýemen halkyna garşy edilen bu jenaýatlaryň netijeleriniň jogapkärdirler " diýdi.

Penşenbe güni gije Amerikanyň we Iňlis koalisiýasy Yemeniň paýtagty Sana'a we ýurduň günbataryndaky Hodeidah welaýatyna hüjüm edip, 16 adamyň ölmegine we 30-dan gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Nasser Kanani, anna güni ABŞ-nyň we Angliýanyň Yemede elgatyjylykly hüjümi we parahat ilaty nyşana almaklaryny, şol bir wagtyň özünde-de bu iki ýurduň Sionist  režimi tarapyndan uruş jenaýatlaň we nesil gyrgynçylygy dowam etmegini goldamaklaryny dowam etdirýändigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Yemeniň özygtyýarlylygynyň we territorial bitewiliginiň yzygiderli bozulmagyny we bu ýurduň raýatlaryna edilýän hüjümi halkara kanunlarynyň we düzgünleriniň bozulmagynyň, adam hukuklarynyň bozulmagynyň aýdyň mysaly hökmünde atlandyrdy we halkara jemgyýetçiligini we halkara ýygnaklary, şeýle hem yslam ýurtlary kanuny we ynsanperwerlik borçlaryny ýerine ýetirmek üçin Ýemeniň ezilen halkyna goldaw bermek we ABŞ-nyň we Angliýanyň sebitdäki öjükdiriji hereketlerine garşy durmaga çagyrdy .