Jun 01, 2024 13:12 Asia/Ashgabat
  • Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň, Palestinany goldaýan amerikan talyplaryna ýüzlenmeleri

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, Amerikan uniwersitetlerinde palestinaly halky yhlas bilen goldaýan talyplary gadyrladylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, Amerikan uniwersitetlerinde palestinaly halky yhlas bilen goldaýan talyplara ýüzlenip, bu talyplaryň sionistlere garşy çykyşlaryna duýgudaşlyk we raýdaşlyk bildiririp,bu talyplary çydam frontyň bir bölegi atlandrdylar. Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi Günbataryň duýgur sebitiniň ýagdaýynyň we ykbalynyň üýtgemegine salgylanyp, dünýä taryhynyň öwrülmegine ünsi çekdiler.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň, Palestinany goldaýan amerikan talyplaryna iberen haty, Günbatarda, esasanam Amerikada Palestina we ezilen palestinaly halky goldamak üçin görlüp-eşidilmedik tendensiýalary göz öňünde tutmak bilen möhümdir. Sionist režimiň Gaza zolagyna eden hüjümi we palestinalylaryň genosidi we sekizinji aýda bolan Gaza zolagynda bu režimiň görlüp-eşidilmedik jenaýatlarynyň dowam etmegi, 2020-nji ýylda Amerikada jynsparazlyga garşy protestlerden bäri talyplaryň iň uly tolkunyny döretdi. Talyplardan başga-da, demonstrantlara köp sanly uniwersitet mugallymlary we ýolbaşçylary ýoldaşlyk edýärler, Amerikada Palestinany goldamak üçin geçirilen talyp protestleri bu ýurtdaky syýasy we jemgyýetçilik ulgamynda täze hadysadyr. Elbetde, bu protestler Ýewropa ýurtlaryna-da ýaýrady.

 Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, bu hatynda düşünjesi oýanan ýaşlaryň Gazanyň ezilen çagalaryny we aýallaryny goramak karara ýetendiklerini we başgada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň onlarça uniwersitetiniň we beýleki ýurtlaryň adamlarynyň hem bu ýolda bolýandyklaryny beýan etdiler.Uniwersitet mugallymlaryna talyplar bilen ýoldaş bolmak we goldaw bermek möhüm we täsirli wakadyr diýip Hezretleri Aýatolla Hameneýi nygtadylar.Ol Hezretleri şeýle-de siz ýaşlar bilen duýgudaşlyk bildirýärin we siziň pikiriňize hormat goýýaryn diýdiler. Amerikan uniwersitetlerinde palestinalylary goldamak we Ysraýylyň jenaýatçylykly hereketlerine garşy çykmak ýaly giňden ýaýran we görlüp-eşidilmedik protestler Amerikanyň ýaş nesliniň Palestina meselesine bolan garaýşynyň düýpgöter üýtgemegini görkezdi. Elbetde Amerikadaky Sionist lobbisine ýakyn resmiler we edaralar, Tel Awiwiň ýolbaşçylary bilen bilelikde talyplaryň demonstrasiýalaryna we protestlerine Amerikanyň täze nesliniň aldawynyň we sowulmagynyň netijesi hökmünde garamaga synanyşdylar we howpsuzlyk güýçlerindeb bu protestleriň ýatyrylmagyny talap etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri öz hatynda sionist režiminiň döremegine we ezilen palestina halkyna garşy eden jenaýatlaryna, Amerikanyň we Günbataryň hemaýat etýändigine ünsi çekdiler.   

 

 

  

 

Tags