Bageri: Eýran we Türkiye sebitdäki durnukly hyzmatdaşlardyr
Eýran bilen Türkiýäniň sebitde iki durnukly hyzmatdaşdygyny mälim eden Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ali Bageri Keni "Sadyk Wadasy" operasiýasy, Sionist režiminiň öňüni alyş çäresiniň galp diwardygyny görkezdi diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji "Ali Bageri Keni" CNN Türk habar kanalyna beren interwýusynda Eýran bilen Türkiye sebitde iki sany durnukly hyzmatdaş bolup, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar taryhdan gözbaş alýar. Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlary dürli-dürli we iki ýurduň arasynda kämillik we syýasy intellekt bar, hatda düşünişmezlikleri bolan ugurlarda-da pikir alyşýarlar we hyzmatdaşlyk edýärler. Eýran bilen Türkiye arasyndaky özara gatnaşyk, raýdaşlyk we baglanyşyk sebitiň howpsuzlygyny we durnuklylygyny kepillendirýär diýip yglan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi şeýle-de Gaza häzirki dünýämizdäki iň möhüm meseledir. Sionistleriň Gazadaky jenaýaty we genosidi şu günler gaty erbet hakykatdyr. Ähli hökümetler sionistleriň jenaýatyny we genosidini duruzmaga synanyşmalydyr. Bu möhüm döwürde yslam ýurtlary, esasanam ösýän 8 yslam döwleti agyr jogapkärçilik çekýär diýip sözlerine goşdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Bageri Kenn, Türkiýe tarapyndan gurnalan sekiz ösýän yslam ýurtlary toparynyň (D8) toparynyň daşary işler ministrleriniň adatdan daşary ýygnagyna gatnaşmak üçin Stambula gidipdi.