Eýran bilen Belarusyň gaz turbinalaryny öndürmekde hyzmatdaşlyga taýýarlygy
(last modified 2024-06-22T09:39:41+00:00 )
Jun 22, 2024 14:39 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Belarusyň gaz turbinalaryny öndürmekde hyzmatdaşlyga taýýarlygy

Eýranyň we Belarusyň energetika ministrleri iki ýurduň gaz turbina önümçiligi pudagyndaky hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdiler.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministri "Ali Akbar Mehrabian" düýn (anna) Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň energiýa ministrleriniň dördünji duşuşygynyň çäginde Belarusyň Energetika ministri "Wiktor Karankewiç" bilen duşuşygynda Eýran bilen Belarusyň arasyndaky gatnaşyklary artykmaç we ösdürýän hasaplamak bilen Belarusyň senagat we tehnologiki taýdan ösen ýurtdygyny aýdyp, ykdysady ugurda Eýran bilen Belarusyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaly diýdi.

Eýranyň Energetika ministri şeýle-de Gaz turbinalary pudagynda, satuw we satuwdan soňky hyzmatlar babatynda Belarus bilen hyzmatdaşlyga taýýar diýdi.

Belarusyň Energetika ministri Wiktor Karankewiç bu duşuşykda Belarusyň atom elektrik stansiýasyna yşarat edip bu elektrik stansiýasynyň döredilmegi bilen energiýa howpsuzlygy üpjün edildi we energiýa babatynda Belarusyň garaşsyzlygy saklandy diýdi.

Belarusyň Energetika ministri, gaz turbinalaryny gurmak, abatlamak we saklamak boýunça Eýran bilen Belarusyň arasyndaky tejribe alyşmak meselesine yşarat edip Energetika enjamlaryny öndürmekde energiýa pudagynda tehniki garaşsyzlygyň gazanylandygyny habar berdi.

Tags