BMG: Ysraýyl Eýranyň raýatlaryny nyşana almak bilen halkara hukugyny bozdy
BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasy Sionist režimiň Eýranda ýadro alymlaryny we parahat ilatyň maşgala agzalaryny şehit etmek bilen halkara hukugyny çynlakaý bozandygyny habar berdi.
Pars Today -iň habaryna görä, BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň metbugat sekretary Tamin El-Keitan sişenbe güni eýran alymlarynyň maşgala agzalarynyň sionist režimi tarapyndan şehit bolmagy halkara hukugynyň çynlakaý bozulýandygyny, sebäbi parahat ilatyň goralmalydygyny aýtdy.
El-Keitan şeýle-de parahat illat ýaragly güýçleriň agzasy däl adamlar hökmünde kesgitlenilýär we olara garşy hüjümler halkara ynsanperwerlik hukugynyň çynlakaý bozulmagydyr diýdi.
BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň metbugat sekretary, ýadro alymlarynyň birnäçe maşgala agzasynyň hem Eýran Yslam Respublikasyna garşy hüjümlerde şehit bolandygyny belläp, alymlaryň maşgala agzalarynyň beýleki raýatlar ýaly goralmaga hukugynyň bardygyny aýtdy.
Sionist režimi Eýrana garşy gazaply çozuşynda alymlaryň we harby serkerdeleriň birnäçesini nyşana aldy, netijede olaryň maşgala agzalarynyň köpüsi şehit boldylar.
 
							 
						 
						