BRICS Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky strategiki gatnaşyklary güýçlendirýär
Eýranyň Şanhaý we BRICS guramalaryna agza bolmagy Tähran-Moskwanyň strategiki gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de dowam etdirmek üçin esas döretdi.
Eýranyň Yslam Geňeşiniň başlygy Muhammet Baker Galibaf we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin BRICS Mejlis forumynyň mejlisiniň çäginde duşuşyp, söhbetdeş boldular, Russiýanyň prezidenti: Eýranyň BRICS-de hemişelik agzalygyna begenýändigini aýdyp,Eýran-Russiýa hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürler diýdi. Galibaf, Russiýanyň Milli Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Walodiniň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Assambleýasynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy "Walentina Matwinkonyň" çakylygy boýunça bu sapara gitdi.
Geçen ýyl Eýran Yslam Respublikasy we beýleki üç ýurt BRICS-iň agzasy boldy, indi dünýäde täze dörän güýçlerden jemi 9 ýurt BRICS-e goşuldy .BRICS mümkinçiliklerini maliýe we täjirçilik amallary üçin ulanmak, Eýranyň Parlament wekiliýetiniň Sankt-Peterburgdaky saparynyň iň möhüm maksatlaryndan biridir.
Eýran geçen ýylyň iýul aýynda Hytaýyň we Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky sebit topary bolan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna goşuldy. Şeýle hem Eýran Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky asewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) dekabr aýynda öňki Sowet döwletleri bilen erkin söwda şertnamasyna goşuldy. Şol döwürde Eýran BRICS-iň doly agzasy boldy.
Galibaf Russiýanyň prezidenti Putin bilen bolan duşuşygy barada durup geçip, X sosial ulgamdaky şahsy sahypasynda şeýle ýazdy: "Jenap Putin bilen bolan duşuşygymda, iki ýurduň arasyndaky maliýe şertnamasyny we koridor taslamasyny durmuşa geçirip, ösüşiň zerurdygyny aýtdym diýdi. Putin Aýatolla Raisiniň döwründe bolşy ýaly Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň dowam etmegini isläp , mähirli salamlaryny rewolýusiýanyň ýokary ýolbaşçysyna we Eýran halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.Beýik güýçleriň arasynda bolan Russiýa bilen Eýranyň syýasy gatnaşyklaryň iň uzyn taryhy bardyr. Analitikler Eýran Yslam Respublikasynyň strategiki ýerleşişi, geosyýasaty we sebitiň dürli faktorlary sebäpli Russiýanyň daşary syýasatynda möhüm orny eýeländigine ynanýarlar.
Soňky onýyllyklarda yzygiderli giňelýän Eýran Yslam Respublikasy bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda iki ýurduň liderleriniň isleglerine esaslanyp has güýçlendi we bileleşigi giňeltmek üçin aýdyň perspektiwany üpjün etdi.
Halkara we sebit faktorlary, Eýranyň we Russiýanyň geografiki ýerleşişi we iki ýurduň mümkin boldugyça biri-birine has ýakyn bolmagy we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti Tähran bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürdi dünýä derejesinde-de, sebit derejesinde-de, ikitaraplaýyn gatnaşyklar derejesinde-de Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyran umumy gyzyklanmalary bar.