Jul 18, 2024 12:35 Asia/Ashgabat
  • Kataryň emiri bilen Özbegistanyň Prezidenti Eýran halkynyň saýlanan prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

Kataryň emiri we Özbegistanyň prezidenti Eýran bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine ünsi çekdiler.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Kataryň emiri "Şeýh Tamim bin Hamad bin Halifa Al-Tani" çarşenbe güni Eýranyň halkynyň saýlanan prezidenti "Masud Pezeşkian" bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranda geçirilen prezident saýlawlaryny gutlap, Eýran bilen Kataryň arasyndaky gatnaşyklar taryhy, güýçli we hemişe öňe barýar diýdi.

Eýran halkynyň saýlanan prezidenti Kataryň emiriniň gutlag ýüzlenmesine minnetdarlyk bildirip, Eýran döwletiniň Katar ýaly goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmegi ýüregine düwendigini aýtmak bilen, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklary üçin köp peýdasy bar  diýip beýan etdi.

Özbegistanyň Prezidenti "Şawkat Mirziýew" hem telefon arkaly söhbetdeşlikde täze döwürde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň hasam giňeljekdigine umyt bildirdi.

Özbegistanyň ýokary wezipeli adamlarynyň Eýranda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň gutlag hatlaryna ýokary baha beren Pezeşkian, Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklaryň ösmegini Eýranyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry hasaplady.

Malaýziýanyň premýer-ministri Pezeşkianyň prezident saýlawlarynda Eýran halkynyň ynamyny gazanmakdaky üstünliklerini gutlamak bilen, Eýran bilen Malaýziýanyň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryň uzak taryhyna ünsi çekdi we öz ýurdunyň Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Eýran halkynyň saýlanan prezidenti Masud Pezeşkian Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ybraýym bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Malaýziýanyň patyşahynyň we bu ýurduň premýer-ministriniň gutlag hatlaryna ýokary baha berdi we bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanyp, iki ýurduň arasynda ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, berkitmäge we ösdürmäge çagyrdy.

5-nji iýul, anna güni geçirilen Eýranyň 14-nji prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynda "Masud Pezeşkian" 16 milliondan gowrak ses alyp, Eýranyň 14-nji prezidenti saýlandy.

Dünýäniň köp ýurtlarynyň ýolbaşçylary we ýokary wezipeli adamlary soňky günlerde Eýranyň halkynyň saýlanan prezidenti hökmünde Pezeşkianyň saýlanmagyny gutladylar.

Tags