Aug 03, 2024 14:36 Asia/Ashgabat
  • Eýran, Howpsuzlyk Geňeşiniň Ysraýylyň jenaýatlaryny ýazgarmakdaky hereketsizligini tankyt etdi

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji, käbir Ýewropa ýurtlarynyň ABŞ bilen hyzmatdaşlykda Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan Hamasyň syýasy edarasynyň başlygy Ysmaýyl Haniýehiň öldürilmeginiň ýazgarylmagynyň öňüni almak üçin edýän tagallalaryny tankytlady.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji "Ali Bageri Kani", Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat işgäri "Jozef Burrell" bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Sionist režimiň terrorçylykly hereketiniň Hamas hereketiniň syýasy edarasynyň başlygy Ysmaýyl Haniýehiň şehit bolmagynyň netijeleri barada we Eýran Yslam Respublikasynyň milli howpsuzlygyny bozmakda we sebitdäki durnuklylygy bozmakda bu uly jenaýatyň syýasy we howpsuzlyk netijelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Bageri, Sionist režimiň Haniýeni Tähranda şehit eden terrorçylyk hereketi, Eýran Yslam Respublikasynyň territorial bitewiligini bozmakdan we milli özygtyýarlylygy bozmakdan başga-da, sebitleýin we halkara parahatçylyga we durnuklylyga howp salandyr diýmek bilen Eýran galp Ysraýyl režimini jezalandyrmak üçin özüne mahsus we kanuny hukugyndan peýdalanar diýdi.

Soňda Bageri Ýewropa Bileleşiginiň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramak jogapkärçiligine laýyklykda sionist režime bu režimiň jenaýatlarynyň dowam etmeginiň öňüni almak üçin basyş etmelidigini aýtdy.

Bu telefon söhbetdeşliginde Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň territorial bitewiligini we territorial özygtyýarlylygyny goramak baradaky kanuny hukugyna ünsi çekip, dartgynlylygyň ýokarlanmagy we sebitde giň gerimli söweşiň döremegi we onuň sebitiň halky üçin edýän täsiri we kynçylyklary barada alada bildirdi.

Tags