Yragyň premýer-ministriniň Pezeşkiany bu ýurda sapara çagyrmagy
Yragyň daşary işler ministri Eýranyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Yragyň premýer-ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkianyň bu ýurda saparyna çakylygyny yglan etdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Yragyň Daşary işler ministri Fawad Huseýin penşenbe güni agşam telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçini Eýran Yslam Respublikasynyň täze Daşary işler ministri wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia Al-Sudaniň Eýranyň prezidenti Massud Pezeşkiany Yraga sapary baradaky çakylygyny ýetirdi.
Yragyň Daşary işler ministri, şehit bolan Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahýanyň hatyrasyna hormat goýmak bilen, Eýranyň we Yragyň iki dogan döwleti ikitaraplaýyn gatnaşyklar, möhüm sebit we halkara meseleleri bilen baglanyşykly dürli meselelerde ýakyn hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklary dowam etjekdigine umyt bildirdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi hem Yrakly kärdeşine telefon edenligi üçin we gutlamagy üçin minnetdarlyk bildirdi we Eýran Yslam Respublikasynyň täze döwletiniň we Pezeşkianyňyň hut öziniň iki goňşy we musulman ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek we çuňlaşdyrmak ugrundaky aýratyn tagallalaryna ünsi çekdi şeýle hem, Yragyň premýer-ministriniň Pezeşkiana bu ýurda baryp görmek çakylygyna minnetdarlyk bildirdi we garşy aldy.
Bu aralykda, Wise-premýer we Pakistanyň Daşary işler ministri senator Muhammet Yshak Dar, Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirajuddin Mehredin, Ýewropa Bileleşiginiň Howpsuzlyk we daşary syýasat meseleleri boýunça ýokary wekili "Jozef Burrell", Germaniýanyň Daşary işler ministri Analena Berbuk telefon arkaly söhbetdeşlikde Seýid Abbas Aragçini Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri wezipesine saýlanmagy bilen gutladylar we özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi we sebit we halkara meseleler barada pikir alyşdylar.