Aug 25, 2024 14:18 Asia/Ashgabat
  • Eýran we Türkiye, iki ýurduň arasynda gowy gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny nygtaýarlar

Eýranyň we Türkiýäniň prezidentleri Stambulda dostluk we hyzmatdaşlyk ýygnagynda iki ýurduň arasynda gowy gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny aýtdylar.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Yslam prezidenti "Masud Pezeşkian" Stambulda dostluk we hyzmatdaşlyk ýygnagyna eden ýüzlenmesinde; köp goňşularymyzyň arasynda Eýranyň Türkiýe bilen ýakyn gatnaşygy hemişe giň we hemmetaraplaýyn umumy nokatlar, iki ýurduň ýokary mümkinçilikleri we çuňňur taryhy sebäpli tapawutlanýar we durnuklylygyny saklaýar diýdi.

Pezeşkian Günbatar Aziýa sebitiniň duýgurlygyna we sionist režiminiň ezilen palestina halkyna garşy eden jenaýatlaryna ünsi çekip, gozgalaňçylar bu sebitde söweş we durnuksyzlygy ýaýratmaga synanyşýarlar, şeýle ýagdaýda Eýran bilen Türkiýäniň hökümetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk we ýakynlyk öňkülerinden has möhüm bolýar diýdi.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem bu ýygnakda eden çykyşynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmegine we güýçlenmegine ünsi çekdi.

Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy 400 ýyldan gowrak dowam edýär we olaryň syýasy, medeni, taryhy we dini ugurlarda ýakynlygy bar, hatda Eýran bilen Türkiýäniň arasynda 500 kilometrden gowrak umumy serhet bar.

Tags