Galibaf: Terrorçylyk, sionist režimiň erbet tebigatynyň aýrylmaz bölegidir
(last modified Wed, 18 Sep 2024 10:37:18 GMT )
Sep 18, 2024 15:37 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Terrorçylyk, sionist režimiň erbet tebigatynyň aýrylmaz bölegidir

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy "bigünä adamlary öldürmek" sionist režimiň erbet tebigatynyň aýrylmaz bölegi diýip atlandyrdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä; Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf X sosial ulgamynda Liwanda geçen günüň wakalaryna salgylanyp terrorçylyk we bigünä adamlary öldürmek Sionist režiminiň aýylganç tebigatynyň aýrylmaz bölegidir; we bu režim galýan zamanyna çenli öldürmegi we genosidi bes etmez diýip ýazdy.

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy şeýle-de Sionist režimiň Liwandaky terrorçylykly hereketlerini berk ýazgarýarys we wakanyň pidalary bilen raýdaşlygymyzy yglan etmek bilen, öňküsi ýaly Liwan halkynyň ýanynda durýarys diýdi.

Liwanyň dürli sebitlerinde, esasanam Beýrutda "Pager" atly aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagyndan soň we soňky statistikalara görä 11 adam şol sanda bir gyzjagaz şehit boldy we 3 müňe golaý liwanly ýaralandy.

Bu partlamalardan soň Liwanyň “Hizbullah” hereketi pagerlaryň partlamagy üçin Ysraýyly jogapkär tanamak bilen Ysraýyldan hökman ar alynar diýdi.

Tags