Eýran Wenesuela bilen gatnaşyklaryň giňelmegini garşy alýar
(last modified Thu, 19 Sep 2024 08:45:09 GMT )
Sep 19, 2024 13:45 Asia/Ashgabat
  • Eýran Wenesuela bilen gatnaşyklaryň giňelmegini garşy alýar

Eýranyň daşary işler ministri Wenesuela bilen gatnaşyklaryň hemme taraplaýyn giňelmegini garşy aldy.

IRNA-nyň habaryna görä, 18-nji sentýabrda Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Wenesuelanyň transport ministri we Wenesuelanyň Eýran bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Komissiýasynyň başlygy Ramon Blaskes bilen duşuşanda Wenesuelanyň prezident saýlawlarynda gaýtadan saýlanmagy bilen "Nikolas Madurony" gutlap, Tähranyň Karakas bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňelmegine gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Wenesuelanyň Transport ministri hem dürli ugurlarda, esasanam ykdysady we energiýa pudaklarynda Eýran bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak prosesine çynlakaý çemeleşmegi dowam etdirmek üçin öz ýurdunyň prezidentiniň aýratyn ünsi berýandygyna yşarat edip,iki ýurduň täze hökümetlerinde gatnaşyklaryň ösýän tendensiýasynyň güýç bilen dowam etjekdigine ynam bildirdi.

Soňky ýyllarda iki ýurduň prezidentleriniň ýolbaşçylygynda iki ýurduň 20 ýyllyk ösüş meýilnamasynyň çäginde Eýran Yslam Respublikasy bilen Wenesuela Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar ösýär.

Tags