Oct 08, 2024 12:06 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Eýran, Sionist režimiň islendik täze başdan geçirmesine berk jogap berer

Eýranyň daşary işler ministri Tähranyň sebitdäki dartgynlygy we urşy güýçlendirmek islemeýändigini belläp, ýöne sionist režimiň islendik täze hereketine we başdan geçirmelerine berk we proporsional jogap bermäge taýýardyr diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, duşenbe güni öýlän telefon arkaly Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi we Müsüriň Daşary işler ministri Badr Abdul Ati sebitdäki soňky wakalar barada pikir alyşdylar.

Bu söhbetdeşlikde taraplar Sionist režimiň Liwana we Gaza garşy hüjümlerini duruzmak we bosgunlara ynsanperwer kömegini ibermek üçin diplomatik tagallalary köpeltmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Eýranyň Daşary işler ministri ýakynda Beýrutda eden sapary barada durup geçip, Liwandaky garşylygyň ýagdaýyny amatly diýip häsiýetlendirdi we garşylyk güýçleriniň Sionist goşunynyň ýerüsti hüjümine garşy durmaga doly taýýardygyny aýtdy.

Taraplar sebitdäki wakalar bilen baglanyşykly geňeşmeleriň dowam etdirilmegi barada ylalaşdylar.