Ruhani: walýuta baradaky Eýranyň täze syýasaty Amerikanyň agzyna urlan ýumrykdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i2576-ruhani_walýuta_baradaky_eýranyň_täze_syýasaty_amerikanyň_agzyna_urlan_ýumrykdyr
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani ýadro ylalaşygy baradaky Amerikanyň tutjak her hili tutumynyň garşysynda Eýranyň kynçylyga gabat gelmejekdigini aýdyp Walýuta baradaky Eýranyň täze syýasaty Amerikanyň agzyna urlan ýumryk mysalyndadyr diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 21, 2018 13:13 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: walýuta baradaky Eýranyň täze syýasaty Amerikanyň agzyna urlan ýumrykdyr

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani ýadro ylalaşygy baradaky Amerikanyň tutjak her hili tutumynyň garşysynda Eýranyň kynçylyga gabat gelmejekdigini aýdyp Walýuta baradaky Eýranyň täze syýasaty Amerikanyň agzyna urlan ýumryk mysalyndadyr diýip nygtady.

prezident Hasan Ruhaniň ýolbaşçylygynda döwlet toparynyň geçen çarşenbe güni geçiren maslahatynda dollaryň ýerine Ýurodab walýuta höküminde haýyrlanlymagy barada tutum tutuldy.

şu gün prezident Ruhani döwletiň ýokary derejeli müdirleriniň maslahatynda ýadro ylalaşygyndan çykmak baradaky Amerikanyň ähtimallaýyn hereketine Eýranyň berk gaýtawul berenligini aýdyp Amerikalylar 12-nji maýda ýadro ylalaşygyndan çykyp Eýranyň içerki bazaryny durnuksyzlaşdyrmagy ýadyna laýandyrlar emma Eýran döwleti öňünden oňa çäre görüp ilaty gaýgydan halas edendir diýip nygtady.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözüniň dowamynda ýadro ylalaşygy bolsun ýada bolmasyn ýada Amerikanyň ýadro ylalaşygy barada tutjak her hili tutumyna garamazdan täze amala aşyran walýuta syýasatlar bilen Amerikanyň bütin mekirli hileleri suwa döküljekdir diýip beýan etdi.