Eýran halkynyň ABŞ-a garşy göreşi
(last modified Sun, 03 Nov 2024 15:04:14 GMT )
Nov 03, 2024 20:04 Asia/Ashgabat
  • Eýran halkynyň ABŞ-a garşy göreşi

Yslam Rewolýusiýasynyň lideri Aýatolla Hameneý, Eýran halkynyň ABŞ-a garşy göreşini dowam etdirmegiň zerurlygy barada düşündiriş berdiler.

Yslam Rewolýusiýasynyň Belent Derejeli lideri Aýatolla Hameneý, düýin şenbe güni irden müňlerçe talyp bilen duşuşyp, Eýran halkynyň ABŞ-nyň zulmuna garşy azyndan 70 ýyllyk göreşiniň esasy sebäplerini düşündirdiler. Ol Hezretleri Eýran halkynyň göreşiniň Yslami, milli, Akylly we adamkärçilikli göreş bolýar we  halkara kanunlaryna laýyklykda dogry ýol kartasy bilen,   gijä galman Amerikanyň tekepbirligine garşy bu söweş dowam eder diýdiler.

Esasan ABŞ-a garşy göreş Dine we şerigata laýyklykda logiki hereketdir.

Birinji nokat, Yslam Rewolýusiýasynyň lideriniň nukdaýnazaryndan Eýran halkynyň Amerikanyň tekepbirligine garşy göreşiniň logiki we dini esaslary bar. Gurhana görä, "Taguta ynanmazlyk imanyň talabydyr". Ymam Hameneýi ABŞ-ny Tagutyň mysaly hasaplanýar we global ulumsylyga we häzirki dünýä tertibini dolandyrýan jenaýat sistemasyna garşy durmakdaky umumy hereketi logiki hereket we dine laýyk gelýän hereket bilýärler.

Ýene bir nokat, Ynkylabyň liderleriniň nukdaýnazaryndan Eýran halkynyň Amerika bilen alyp barýan göreşine "Amerikan hökümetiniň Eýranyň eziz milletine rehimsiz we gazaply agalygy" sebäp bolýar. Şübhesiz, Amerikanyň Birleşen Ştatlary ösýän ýurtlarda, esasanam Günbatar Aziýa sebitiniň nebite baý ýurtlarynda agalyk etmek üçin hereket edýär we bu ýurtlara garaşsyzlyga ýol bermeýär. Amerikanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen aşa duşmanlygynyň sebäplerinden biri, Eýranyň dünýä ulgamynda garaşsyzlyk islegi we Amerikanyň agalygyna garşylygydyr. Şol sebäpli Amerikanyň hökümeti soňky 45 ýylda Eýran halkyna garşy uruş girizmek, giň we ähli taraplaýyn ykdysady sanksiýalary ulanmak, terrorçy toparlary goldamak we Günbatar Aziýada Iranofobiýa ýaly dürli görnüşlerde gazaply we rehimsiz hereketler etdi. Şunuň bilen baglylykda, Ymam Hameneý içalylaryň tutulmagyny Amerikanyň ilçihanasynyň hakyky tebigatynyň aýdyňlaşdyrylmagy sebäpli öwrülişik we ýatdan çykmajak taryhy waka diýip atlandyrdylar .

Ynkylap lideriniň Amerika garşy söweşi dowam etdirmegiň zerurlygy baradaky üçünji sebäbi bu söweşiň halkara logikasy bilen baglanyşyklydyr. Amerika, sionist režimiň Gazanyň halkyna garşy görlüp-eşidilmedik jenaýatlarynda esasy goldawçysydyr. Sionistler tarapyndan soňky 13 aýda takmynan 50,000 adam şehit boldy, ynkylap lideriniň sözlerine görä bu jenaýatlar "ABŞ-nyň gazaply we aç-açan harby we syýasy goldawy we gatnaşmagy bilen amala aşyrylýar".

 

 

 

Tags