Ser leşger Bageri:Amerika we ýaranlarynyň garşysynda Eýran başyny egmez
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy Eýran Yslam Respublikasy hiç haçan Amerika we onuň ýaranlarynyň garşysynda başyny egmez we öz başarjaňlyklaryna daýanyp goňşylaryna doganlyk goluny uzadandyr diýip yglan etdi.
şu gün Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy ser leşger Muhammet Bageri Tehranda Hind akýanynyň ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň deňiz güýçleriniň serkerdeleriniň 6-nji maslahatynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda iki gudratly dünýä düzümi bozulandyr we dünýäniň gündogarynda we günbatarynda täze gudratlar dörändir diýdi.
ser leşger Muhammet Bageri şeýle-de Amerika we käbir gudratlar dürli sebitlere harbylaryny iberip we zordan peýdalanyp bidüzgünçiligi ýaýbaňlaşdyrýarlar diýip sözüne goşdy.