Apr 23, 2018 20:42 Asia/Ashgabat
  • Jaberi Ansari damaskda Başar Assad bilen duşuşdy

Siriýanyň prezidenti Başar Assad damaskda Eýranyň daşary işler ministrniň ýokary derejeli kömekçisi Huseýin Jaberi Ansari bilen geçiren duşuşygynda Amerika, Iňlis we Fransiýanyň soňky wagtlarda Siriýa garşy amala aşyran hüjümlerine yşarat edip olaryň bu hüjümleri terrorizme garşy söweşiň öňüne geçip bilmez diýip nygtady.

ady geçen ýaňky ýurtlar hemde sebitiň käbir döwletleri Siriýa dartgynlylygynyň başyndan bäri terrorçylara goldaw berip gelýändirler diýip Siriýanyň prezidenti Başar Assad sözüne goşdy.

Eýranyň daşary işler ministrniň ýokary derejeli kömekçisi Huseýin Jaberi Ansari hem Damaskda Siriýanyň prezidenti Başar Assad bilen geçiren duşuşygynda Amerika, Iňlis we Fransiýanyň soňky wagtlarda Siriýa garşy amala aşyran hüjümleriniň asly sebäbi terrorçylara garşy göreşmekde Siriýa goşunynyň gazanan üstünlikleridir diýip nygtap geçdi.

Tags