Apr 25, 2018 22:33 Asia/Ashgabat
  • Şamhani: terrorçylaryň hemaýatçylary Owganystany durnuksyzlaşdyrmagyň yzyndadyrlar

Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Siriýda şowsuzlyga uçran terrorçylaryň hemaýatçylary Owganystany durnuksyzlaşdyrmagyň we terrorçylary bu ýurda geçirmegiň yzyndadyrlar diýdi.

şu gün Ali Şamhani Orsýetiň Soçi şäherinde geçirlen Orsýetiň 9-jy howpsuzlyk maslahatynyň ýanynda Owganystanyň milli howpsuzlyk maslahatçysy Hanif Atmar bilen geçiren duşuşygynda soňky wagtlarda Owganystanda ýüze çykan terrorçylykly hüjümleri ýazgaryp Eýran, Owganystan, Pakistan, Hytaý we Orsýetiň bilelikdäki howpsuzlyk hyzmatdaşlyklary käbir günbatar we sebit ýurtlarynyň durnuksyzlyk döretmek ugurdaky hereketleriniň öňüne geçjekdir diýip nygtady.

Muhammet hanif Atmar hem bu duşuşykda Eýran bilen Owganystanyň dostlukly gatnaşyklary başga hiç bir ýurda howp däldir diýip beýan etdi.

Tags