Eýranyň prezidenti yslam ýurtlarynyň agzybirligini nygtady
(last modified Tue, 04 Feb 2025 07:49:01 GMT )
Feb 04, 2025 12:49 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidenti yslam ýurtlarynyň agzybirligini nygtady

Eýranyň prezidenti, yslam ýurtlarynyň düşünişmezliklerden gaça durmalydygyny we biri-biri bilen agzybir bolmalydygyny, duşmanlaryň we hilegärleriň dildüwşükleriniň hökman başa barmajakdygyny aýtdy.

Yragyň mejlisiniň başlygy Mahmud Al-Maşhadani we Tähranda ýoldaş delegasiýa bilen bolan duşuşygynda Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan häzirki dünýä şertleriniň möhüm talaplary hökmünde sinergiýany, duýgudaşlygy we yslam ýurtlarynyň arasyndaky jebisligi berkitmegi beýan etdi.

Pezeşkiýan sebitde, esasanam Siriýada bolup geçen soňky wakalar barada durup geçip, Eýranyň Siriýa babatdaky pozisiýasynyň, ähli adamlaryň gatnaşmagynda territorial bitewiligini gorap, ýurdy bölmezligi öz içine alýan hökümet döretmekdigini aýtdy.

Eýranyň prezidenti, şeýle hem Yragyň Palestinanyň ezilen halkyna goldaw bermekde alyp barýan berk we aýgytly pozisiýasyna ýokary baha berdi we Gaza zolagyna we Liwana kömek bermek meselesinde her bir yslam döwletine bu sebitleriň halkynyň täzeden gurulmagyna we dolanyp gelmegine goşant goşmagy teklip edilýändigini aýtdy.

Yrak mejlisiniň başlygy, Eýrana eden saparyndan we ýokary derejeli Eýran resmileri bilen duşuşmakdan hoşaldygyny aýdyp, Yrak mejlisiniň iki ýurduň arasynda baglaşylan şertnamalary ýerine ýetirmekde şol ýurduň hökümetine goldaw berjekdigini aýtdy.

Mahmud Al-Maşhadani şeýle-de Yrak, ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara umumylyklary we Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi nygtaýar diýip yglan etdi.