Taht Rawançi: Howpsuzlygy güýçlendirmek üçin Yrak bilen hyzmatdaşlyk zerurdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy meseleler boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary Majid Taht Rawançi Yraga bolan saparyň iki ýurduň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň çäginde bolandygyny aýtmak bilen, Howpsuzlygy güýçlendirmek üçin Bagdat bilen utgaşdyrmak möhümdir diýdi.
Pars Today-iň habaryna görä; Düýn (Duşenbe) Yragyň Milli howpsuzlyk geňeşçisi Kassem Al-Araji bilen duşuşandan we söhbetdeşlikden soň, Taht Rawançi sebitde (Günbatar Aziýa) durnuklylygy üpjün etmek üçin bilelikdäki hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýtdy.
Ol şeýle-de milli howpsuzlyk Eýranyň we Yragyň ileri tutulýan ugrydyr we bu mesele iki ýurduň arasynda ähli derejelerde ylalaşygy we utgaşdyrmagy dowam etdirmegi zerur edýär diýdi.
Taht Rawançi mundan başga-da dürli ugurlardaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy giňeltmek we berkitmek üçin yzygiderli ikitaraplaýyn ýygnaklaryň dowam etmeginden hoşaldygyny aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary ýekşenbe güni Yrak mejlisiniň başlygynyň orunbasary Mohsen al-Mandalawi bilen hem duşuşdy we Eýran we Yrak bilen baglanyşykly umumy meseleler barada pikir alyşdy we maslahatlaşdy.