Eýran Owganystandan neşe serişdelerine garşy göreşde has köp hyzmatdaşlyk etmek isledi
(last modified Mon, 03 Mar 2025 10:59:47 GMT )
Mar 03, 2025 15:59 Asia/Ashgabat
  • Eýran Owganystandan neşe serişdelerine garşy göreşde has köp hyzmatdaşlyk etmek isledi

Eýranyň içeri işler ministriniň orunbasary neşe serişdelerine garşy göreşde owganystanyň talyban hökümetinden has köp hyzmatdaşlygy isledi.

Eýranyň Içeri işler ministriniň Howpsuzlyk we hukuk goraýyş ministriniň orunbasary Ali Akbar Pourjamşidian duşenbe güni Tähranda Owganystanyň Talyban hökümetiniň neşe serişdelerine garşy göreş meseleleri boýunça içeri işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygynda, Owganystanda neşe serişdelerini ösdürip ýetişdirmegi we satmagy gadagan etmek, toplumlaýyn strategiýa düzmek arkaly has uly netijelere getirip biljek gaty gowy ädimdir diýdi.

Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň içeri işler ministriniň orunbasary dört ýarym million töweregi kanuny immigrantyň we 2 million töweregi bikanun owgan immigrantynyň bardygyny aýdyp, Eýranyň halkynyň we hökümetiniň islegi Owganystanyň halky we hökümeti bilen has köp işleşmek we ikitaraplaýyn meseleleri çözmek diýdi.

Pourjamşidian iki ýurduň arasyndaky käbir meselelere, esasanam Eýranyň suw haky meselesine yşarat edip, suw haky Eýran halkynyň kanuny we dini hukuklarydyr we bu meseläni çözmek bilen beýleki ykdysady we howpsuzlyk ugurlarynda has gowy netijelere ýetip bolar diýdi.

Owganystanyň Talybanyň içeri işler ministriniň neşe serişdelerine garşy göreş boýunça orunbasary Molla Abdul Hak Hamkar hem soňky onýyllyklarda owganlary kabul edendigi üçin Eýrana minnetdarlygyny bildirmek bilen Amerikalylar gidenden soň Owganystanda döredilen howpsuzlyga ünsi çekip, ozal köp sebitde howp bardy we Owganystanda korrupsiýa giňden ýaýrapdy, ýöne begenç bilen häzirki wagtda Owganystandaky hökümet işgärleri halka hyzmat edýärler diýdi.