Pezeşkian: Musulmanlar birleşse, duşmanlar musulman halklaryna sütem edip bilmezler
Eýranyň Prezidenti bu aý, musulmanlar agzybir we sazlaşykly bolsalar, duşmanlaryň musulman halklarynyň hiç birini ezip bilmejekdigine düşünmek üçin gowy pursatdyr diýdi.
Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, Masud Pezeşkian 3-nji apreli penşenbe güni gije Ýemeniň Ýokary Syýasy Geňeşiniň başlygy "Mahdi Al-Maşat" bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde özüni we bu ýurdunyň asylly adamlaryny Oraza baýramy bilen gutlap, Remezan aýynyň pikir alyşmak we pikirlenmek üçin amatly pursatdygyny aýtmak bilen, bu aý, musulmanlar agzybir we sazlaşykly bolsalar, duşmanlaryň musulman halklarynyň hiç birini ezip bilmejekdigine düşünmek üçin gowy pursatdyr diýdi.
Bu telefon söhbetdeşliginde Ýemeniň Ýokary Syýasy Geňeşiniň başlygy Oraza baýramyny Prezidente, halka we Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysyna gutlap, Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam agzybirligini goldamakdaky pozisiýalary hakykatdanam buýsanç çeşmesidir diýdi.
Yslam ýurtlary umumy pikire ünsi jemläp, agzybir we sazlaşykly bolsalar, ulumsy güýçler yslam ýurtlaryň hiç birini ezip we bozup bilmez diýip Al-Maşat aýtdy.