ِDöwletiň metbugat sekretary: Eýranyň isleýän gepleşigi, takyk we asuda gepleşikdir
ِDöwletiň metbugat sekretary Eýranyň Daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň prezidentiniň ýörite wekiliniň arasynda gytaklaýyn gepleşikleriň başlanmagyna ünsi çekip, Eýranyň isleýän gepleşigi takyk we asuda gepleşikdigini aýtdy.
Pars Today habar gullugynyň habaryna görä Fatemeh Mohajerani 1404-nji ýylyň 23-nji Farwärdin (12-nji Aprel), şenbe güni, X sosial ulgamda Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Aragçi bilen ABŞ-nyň prezidentiniň Günbatar Aziýa boýunça ýörite wekili Stiw Wittkoffyň, Omanyň Daşary işler ministri Badr Al-Busaidiniň araçylygynda gytaklaýyn gepleşikleriň başlamagy bilen habar bermek bilen, Eýranyň isleýän gepleşigi takyk we asuda gepleşikdigini aýtdy.
ِDöwletiň metbugat sekretary bu habary dowam etdirip bu iş bilen gepleşiklere garşy çykýanlaryň päsgelçilik döretmelerini ýatyryp boljakdyr diýdi.
Bu gepleşikler Omanyň tarapyndan meýilleşdirilen ýerde, Eýran Yslam Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekilleriniň aýry otaglarda oturmagynda geçiriler we taraplar Omaniýanyň Daşary işler ministri arkaly öz pikirlerini we pozisiýalaryny birek-birege ýetirerler.