May 01, 2018 16:54 Asia/Ashgabat
  • Gasemi:Netaniýahunyň mekirlilikden başga zady bolmaz

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Sionist režimiň premýer ministri Benýamin Netaniýahunyň Eýran barada ýola beren gülkünç oýnuny batyp galan ýalançy we aýyply adamyň urunyp durmagyna meňzetmek bilen bir wagtda Netaniýahunyň mekirlilikde başga zady bolmaz diýdi.

Bahram Gasemi şeýle-de Sionist režiminiň başlyklary başga ýurtlary gorkuzmak syýasaty bilen bu bikanun režimi saklajak bolýarlar diýip sözüne goşdy.

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işleri boýunça orunbasary Seit Abbas Aragçi hem Benýamin Netaniýahunyň Eýran baradaky oýnuny oglan oýunjak we gülkünç hasaplady.

şol bir wagtda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat jogapkäri Federika Mugerini Sionist režiminiň premýer ministrniň Eýran hakynda ýola beren oýnundan soňra halkara atom energiýasy agentligi şu wagta çenli 10 hasabatynda Eýranyň ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryna amal edenligini yglan edendir diýip nygtady.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem telefon arkaly Netaniýahu bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýran bilen 5+1 ýurtlary arasynda hasyl bolan ýadro ylalaşygynyň goralmagyny nygtady.

Ak tam hem öten agşam çykaran beýannamasyny ýaňadan düzeldip Eýran ýadro ýaraglary öndürmek ugurdaky programalaryny yzarlaýandyr diýen toslamasyndan yza çekildi.Ak tamyň beýannamasynda Eýranyň gizlin ýadro ýaraglary öndürmek baradaky programasy bardyr diýen jümlesini üýtgedip Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmek baradaky gizlin programasy bardy diýip düzeltdi.

Britaniýa we Germaniýa döwletleri hem Sionist režiminiň premýer ministriniň Eýrana garşy toslamalarynyň gaýtawulynda ýadro ylalaşygyň ähmiýetini nygtap onuň goralmagynyň möhümdigini beýan etdiler.

Amerikanyň daşary işler ministri Pompeoyň Palestinanyň basyp alynan ülkelerine gurnan saparyndan soňra Benýamin Netaniýahu Eýran barada gülkünç oýnuny ýol berendir.bu bolsa ýadro ylalaşygyndan çykmak üçin Amerikanyň elinde bahananyň ýoklygyny mälim etýändir.

Tags