Zarif: ýadro ylalaşygy barada Eýran gepleşik geçirmez
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif şu gün wideo şekilli neşir eden sargydynda Eýran yslam respublikasynyň ýadro ylalaşygy barada ýaňadan gepleşik geçirmejekdigini ýada oňa hiü zat artdyrmajakdygyny yglan etmek bilem bir wagtda ýadro ylalaşygy barada ýekeje çäre bardyr olda bu ylalaşyga kämil amal etmekdir diýip nygtady.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif ýadro ylalaşygy baradaky Amerikanyň ygrarsyzlyklaryna yşarat edip Waşington döwletiniň ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryna amal etmän ýada ondan çykan ýagdaýynda Eýran hem oňa gaýtawul berjekdir diýip yglan etdi.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif şeýle-de Amerika döwleti galmagal turuzmak ýada haýbat atmak bilen täze ylalaşyga ýetip bilmez diýmek bilen Eýran Yslam respublikasy zor aýtmalaryň garşysynda gaýym durandyr diýip nygtap geçdi.