Gasemi:Amerika ýadro ylalaşygyndan çykan ýagdaýnda agyr tawan tölejekdir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i2744-gasemi_amerika_ýadro_ylalaşygyndan_çykan_ýagdaýnda_agyr_tawan_tölejekdir
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Amerika ýadro ylalaşygyndan çyksa agyr tawan tölejekdir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 07, 2018 14:17 Asia/Ashgabat
  • Gasemi:Amerika ýadro ylalaşygyndan çykan ýagdaýnda agyr tawan tölejekdir

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Amerika ýadro ylalaşygyndan çyksa agyr tawan tölejekdir diýdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi içeri we daşary habarçylaryň arasynda eden çykyşynda ýadro ylalaşygy öz boluşly ýöriteliklere eýedir we ondan çykmak aňsatlyk bilen mümkin däldir diýip yglan etdi.

Bahram Gasemi sözüniň dowamynda Donald Trumpyň Amerikanyň prezidenti wezipesine saýlanany bäri ýadro ylalaşygyndan çykmak gürrüňi agzalyp başlanandyr diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasy bu mesele barada bütin senarýolary göz öňüne tutup goýandyr we ýadro ylalaşygyndan çykan ýagdaýnda Waşingtonyň agyr tawan tölejekdigine şek-şubhe ýokdyr diýip nygtady.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili sözüniň dowamynda Amerikanyň ygrarsyzlygy geň zat däldir emma ýadro ylalaşygyndan çykmagy Waşington döwletiniň asly keşbini gowrak görkezjekdir diýip nygtady.

Gasemi şeýle-de Eýran ýadro ylalaşygy bozýan birinji ýurt bolmaz diýmek bilen geljekde ýadro ylalaşygy Eýrana peýdasy bolmajak bolsa Tehran bu mesele barada tutum tutjakdyr diýip sözüne goşdy.