mertebesi belent ýolbaşçy: Palestinanyň halas edilmegi ylahy sünnetdir
oraza aýynyň birinji gününde karylar we meddahlar Ymam Humeni hezretleriň adyny göterýän huseýniýede we yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň huzurynda gurhan kerime ýöriteleşdirip bir ýygnagy geçirdiler.
bu duşuşykda yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy yslam ymmatynyň durmuşky esasy gereklikleriniň irisi gurhana üns bermek we onuň dessurlaryna amal etmekdir diýmek bilen yslam dünýäsiniň durmuşky kynçylyklary şol sanda Palestinanyň ýagdaýy we sioinist režimiň amala aşyrýan jenaýatlary din dessurlarynda ara açmaklygyň netijesidir diýip beýan etdiler.
yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy sözüniň dowamynda beýtolmukaddes Palestinanyň paýtagtydyr we allanyň ýardam etmegi bilen Palestina duşmanlaryň elinden halas boljakdyr we Amerikadyr onuň ýaranlary hakykatyň we ylahy sünneriň garşysynda edip biljek işleri bolmaz diýip nygtadylar.
yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy sözüniň ýene bir bölüminde ýaşaýşyň bütin ugurlarynda Gurhana köpräk üns berilmegini nygtmak bilen bir wagtda geçen näçe gününiň boýunda sionost režimiň palestinalylara garşy jenaýatlaryna şaýat boldyk şeýle bir ýagdaýda käleri onae üçin Amerika bu jenaýatlaryň garşysynda öz pozisiýasyny yglan etmeýär diýýärler emma Amerikanyň hut özi we onuň ýaranlary palestinalylara garşy amala aşyrylýan jenaýatlara şärikdirler diýip beýan etdiler.