Zarif: Amerikanyň täze strategiýasy bu ýurduň öňkiden beter çetleşmegine sebäp boljakdyr
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif Eýrana garşy Amerikanyň täze strategiýasy bu ýurduň öňkiden beter çetleşmegine sebäp boljakdyr diýdi.
Amerikanyň daşary işler ministri Maýkl Pompeo 21-nji maýda Eýrana garşy puç toslamalaryny gaýtalamak we agyr gadaganlyklary amala aşyrmak bilen haýbat atmak bilen bir wagtda Eýran hakynda 12 şerti şol sanda urany baýlaşdyrýan gurluşyklaryny dargatmagyny isledi.
Muhammet jawad Zarif yslam şura mejlisiniň diplomatiýa we milli nähbitler boýunça komissiýasynyň maslahatynda eden çykyşynda ýadro yl;alaşygy Eýran üçin uly üstünlikdir diýmek bilen Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan soňra halkara derejesinde ýadro ylalaşygyny goldamak barada bir agzybirligiň bardygy belli boldy diýdi.