May 31, 2018 18:50 Asia/Ashgabat
  • Gasemi: Amerika döwleti käbir ýurtlardaky mezhep döregeýliginden syýasy maksatlary ugurda haýyrlanýandyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Amerikanyň daşary işler ministrliginiň dünýäde mezhebi azatlyklar barada çykaran hasabatynyň jogabynda Eýran yslam respublikasy bu hasabaty hakykatdan daş, esassyz we duşmançylykly bilýändir we onuň diňe syýasy maksatlary bardyr diýip yglan etdi.

Amerikanyň daşary işler ministrligi 2017-nji ýyla degişli mezhebu azatlyklar barada çykaran hasabatynda puç toslamalar esasynda Eýrany mezhebi azatlyklary bozmakda aýyplady.

Bahram Gasemi mezhebi ideýalar barada çykarylýan esassyz teswirlemeler mezhepleriň arasyndaky kynçylyklaryň köpelmegine sebäp bolýandyr we diňe gepleşikler  we birek-birege hirmat goýmak bilen bu meseläniň öňüne geçip bolýar diýip nygtap geçdi.

Tags