Jun 10, 2018 10:26 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Orsýetiň prezidentleriniň duşuşygy

şenbe güni Eýran bilen Orsýetiň döwlet baştutanlary Şanhaýyň hyzmatdaşlyk guramasynyň Hytaýda geçirlen 18-njy maslahatynyň ýanynda duşuşyp gürrüň etdiler.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani bilen rus kärdeşi Wladimir Putin bu duşuşykda ikitaraplaýyn ykdysady we syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar.

iki tarap şeýle-de sebitiň käbir möhüm meseleri hemde ýadro ylalaşygyň ýagdaýy barada pikir alyşdylar.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani  Htaýyn prezidenti Şi Jin Pingiň resmi çakylygy esasynda anhaýyň hyzmatdaşlyk guramasynyň Hytaýda geçirlen 18-njy maslahatynda çykyş etmek maksady bilen juma güni bu ýurda sapar etdi.

Hytaý.Orsýet, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Pakistan we Hindistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň asly agzalaryny ybaratlaýandyr we Eýran hem onuň gözegçi agzasydyr.

şanhaýyň hyzmatdaşlyk guramasynyň  18-njy maslahaty şenbe we ýekşenbe günleri Hytaýyň Jingdao şäherinde geçirilýär.

Tags