Jun 11, 2018 20:07 Asia/Ashgabat

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram gasemi Ýewropa Bileleşginden ýadro ylalaşygyň dowam etdirilmegi barada basymrak tutum tutmagyny isledi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram gasemi içeri we daşary habarçylaryň arasynda eden çykyşynda ýadro ylalaşygyň dowam etdirilmegine yşarat edip Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyna garamak bilen ýewropa Bileleşigi Eýranyň bähbitlerini üpjün etmek barada gerek kepillikleri bermelidir diýip nygtady.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram gasemi sözüniň dowamynda Ýewropa bileleşigi uly toplumdyr we ýörite brukratiýa eýedir emma Ýewropa bileleşigi ýadro ylalaşygynda Eýranyň galmagyny isleýän bolsa tizlik bilen tutum tutmalydyr diýip beýan etdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram gasemi şeýle-de Eýranyň raketa programmasy we sebitleýin syýasatlary baradaky Ýewropa bileleşiginiň howatyrlanmalaryna yşarat edip Eýran yslam respublikasy hemme ýurtlaryň arkalaşmagynda sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň yzyndadyrdiýip sözüne goşdy.

Tags