Eýranyň prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministri söhbetdeş boldylar
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani Malaýziýanyň premýer-ministri Mahatir Muhammet bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde iki ýurdyň köp mümkinçiliklerine yşarat edip Tehran-Kualalampuryň köp ugurly gatnaşyklaryny ösdürmek ugurda bu mümkinçiliklerden haýyranylmagyny nygtady.
şu gün Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani Mahatir Muhammedi täzä wezipesi bilen gutlamak bilen bir wagtda Eýran Yslam Respublikasynyň Malaýziýa bilen saklaýan ykdysady,syýasy we medeni hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge taýýarlygyny yglan etdi.
Ruhani şeýle-de sebitde we dünýä derejesinde parahatçylygy berkarar etmek we terrorizme garşy göreşmek ugurda Tehran-Kualalampuryň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini nygtady.
Amerika döwleti halkara kanunlaryň tesine BMG-sy tarapyndan makullanan ýadro ylalaşykdan bir taraplaýyn şekilde çykyp öz kanunlaryny başga ýurtlara ýöňkemek ugurda hereket edýändir diýip prezident Ruhani sözüne goşdy.
Malaýziýanyň premýer-ministri hem bu söhbetdeşlikde Eýran bilen Malaýziýanyň köp ugurly hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini nygtap geçdi.