Larijani:Eýran özüniň belli usullaryna daýanyp ýadro gepleşiklerine gatnaşypdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3347-larijani_eýran_özüniň_belli_usullaryna_daýanyp_ýadro_gepleşiklerine_gatnaşypdy
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Eýran Yslam Respublikasy özüniň belli usullaryna we taktiklaryna daýanyp 5+1 ýurtlary bilen ýadro gepleşiklerine girişipdi we onuň netijesi hem Birleşen Milletler Guramasynyň howpsyzlyk geňeşiniň kesgitlemegi bilen hasyl bolan ýadro ylalaşygydyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 28, 2018 12:55 Asia/Ashgabat
  • Larijani:Eýran özüniň belli usullaryna daýanyp ýadro gepleşiklerine gatnaşypdy

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Eýran Yslam Respublikasy özüniň belli usullaryna we taktiklaryna daýanyp 5+1 ýurtlary bilen ýadro gepleşiklerine girişipdi we onuň netijesi hem Birleşen Milletler Guramasynyň howpsyzlyk geňeşiniň kesgitlemegi bilen hasyl bolan ýadro ylalaşygydyr diýdi.

Eýranyň tele-radio habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Eýranyň mejlis başlygy Ali larijani Tehranda beren gürrüňlerinde ýadro ylalaşygy baradaky Eýranyň maksatlaryna yşarat edip howpsyzlyk geňeşiniň 7-nji aslyndan çykmak,PMD dosýesiniň baglanmagy we ýadro gadaganlyklaryň ýatyrylmagy Eýran bilen 5+1 ýurtlaryň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijelerindendi emma Amerika döwleti bir taraplaýyn şekilinde bu ylalaşykdan çykandyr diýip nygtady.

Amerika ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan soňra syýasy we howpsyzlyk durnuksyzlyklary hemde Eýranda kynçylyk döretmekligi göz öňüne aldy we oňa ýetmek üçin ykdysady çärä ýüzlendi diýip Larijani sözüne goşdy.