mertebesi belent ýolbaşçy: duşmanlar ýene bir gezek öz maksatlaryna ýetmekde şowsuzlyga uçrajakdyrlar
yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezreleri Eýranyň yslam düzgüni bilen ilatyň arasyny açmak baradaky duşmanlaryň mekirli hilesine yşarat edip egerde milli kuwwatlylyga sebäp bolýan zatlar pugtalandyrylsa we duşmanyň garşysynda gowşaklyk görkezilmese betniýetliler öz maksatlaryna ýbetmekde şowsuzlyga uçrajakdyrlar diýdiler.
şu gün yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezreleri Ysmam Huseýin(a.s)iň adyny göterýään ýokary okuw jaýyň talyplarynyň arasynda beren gürrüňlerinde Eýran milletiniň kuwwatlylygynyň iň uly delili dünýäniň iň ganhor we rehimsiz gudraty bolan Amerikanyň geçen 40 ýylyň boýunda Eýran milletine garşy duşmançylyk etmekden gaýtmanlygy we şol bir wagtda hiç zat oňarmanlygy we onuň garşysynda Eýran milletiniň öňkilerdende beter ösenligidir diýip beýan etdiler.
Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezreleri Eýran yslam respublikasynyň kuwwatlylyk we gowy ösüşi babatly Amerikanyň duşmançylygy artandyr elbet-de Eýran milleti hem öňkilerden beter Amerikany ýigrenýändir diýip nygtadylar.
yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezreleri şeýle-de Eýran yslam respublikasy millete we milletiň imanyna we muhapbetine daýanýan häkimiýetdir diýip sözüne goşdylar.
Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezreleri Eýrana garşy duşmançylykda Amerikanyň öňki prezidentleriniň şowsuzlyklaryna yşarat edip durmuşky ykdysady basyşlardan maksat ilaty amana getirmekdir emma hudaý tagalanyň ýardam etmegi bilen biz ilat bilen baglanşygymyzy günbe-günden gaýymlaşdyrarys we duşmany ýeňiji jebisligimizi gorap mömin we hyjuwly ýaşlarmyzy daýandyrjakdyrys diýip beýan etdiler.