Ruhani:dünýäniň aglaba ýurtlary Amerikanyň içeriki kanunlaryna eýermejekdigini yglan etdiler
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Tehran döwletiniň Ýewropa ýurtlary,Hytaý,Orsýet we goňşy ýurtlar bilen gowy gepleşikleri geçirenligini aýdyp olaryň aglabasy Amerikanyň içeriki kanunlaryna eýermejekdiklerini yglan etdiler diýdi.
şu gün Eýranyň 3 güýjüniň başlyklarynyň maslahaty ýurdyň durmuşky möhüm meselelerine şol sanda ykdysadyýetine we Amerikanyň bikanun gadaganlyklaryna garamak niýeti bilen geçirildi.
bu maslahatyň soňunda prezident Ruhani habarçylaryň arasynda eden çykyşynda Eýran Yslam Respublikasy başga ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklaryny öňkiler ýaly dowam etdirjekdir diýmek bilen Amerika Eýran,sebit we Yslam dünýäsi barada ýöretýän syýasatlaryny dowam etdirip bilmez diýip nygtady.
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani sözüniň dowamynda Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň Britaniýa gurnan sapary bilen bir wagtda London ilatynyň geçiren ýol ýörişlerine yşarat edip Amerikanyň syýasatlaryny diňe Eýran milleti dälde eýsem başga ýurtlar we hatda ýaranlary hem bikanun hasaplaýandyrlar diýip nygtady.
prezident Ruhani şeýle-de Amerikanyň gadaganlyklary Eýran milletine basyş bermek niýeti bilen meýilleşdirilendir diýmek bilen Waşington döwleti öňkilerden-de beter musulmanlaryň we ösüp barýan ýurtlaryň arasynda ýigrenji bolandyr diýip sözüne goşdy.