mertebesi belent ýolbaşçysy: Amerikanyň Palestina baradaky şeýtanlarça syýasaty başa barmaz
Eýranyň yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri şu gün haç jogapkärleri bilen geçiren duşuşygynda palestina baradaky Amerikanyň şeýtanlarça syýasaty başa barmaz diýdiler.
Eýranyň yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri musulmanlara ylaýtada Palestina we ýemene garşy göreşmäge duşmanlaryň üns berendiklerine yşarat edip durmuşda Amerikalylar palestina baradaky şeýtanlarça syýasatyna asyryň söwdasy diýen ady dakandyrlar emma olar bilip goýsynlar allanyň merhemeti we goldawy bilen bu söwda hiç haçan başa barmaz we waşingtonyň resmileriniň duşmançylyklaryna garamazdan Palestina meselesi ünsden düşürilmez we Kudus Palestinanyň paýtagty bolup galjakdyr diýip nygtadylar.
Eýranyň yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri sözüniň dowamynda Palestina milleti Amerikanyň ýaňky mekirli hilesiniň garşysynda durjakdyr we musulman milletler hem palestina halkyna halkyna goldaw berjekdirler diýmek bilen yslama ynanmaýan käbir musulman döwletler nadanlyklary we dünýäparazlyklary babatly Amerikanyň ugurna gitýändirler emma hudaý tagalanyň ýardam etmegi bilen yslam ymmaty we palestina milleti duşmanlara üstem çykjakdyrlarwe ýasama sionist režimiň Palestina ülkesinden ýogalýanlygyny görjekdirler diýip býeýan etdiler.
Eýranyň yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri sözüniň dowamynda 2015-jnji ýylda mesjidolharamda we menada ýüze çykan pajyga yşarat edip ony ulu zulum hasaplamak bilen bir wagtda haky almak ugurda gaýdusyz tagalla edilmegini nygtadylar.