Zarif: Amerika gadaganlyklara bolan endigini aýrylmalydyr
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif durmuşky ýagdaý Eýrana köp mümkinçilikleri döredendir diýmek bilen bu günki gün Amerika özüni ýeke dyýýandyr we maksatlaryna ýetmek üçin äşgär syýasy basyşlary bermegine özüni mätäç bilýändir diýip nygtady.
şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif Eýranyň wekiliýet toparlarynyň başlyklarynyň we ilçileriniň ýygnagynda beren gürrüňlerinde mundan ozal başga ýurtlar Amerikanyň Eýrana garşy amala aşyrýan gadaganlyklaryny goldaýardylar emma durmuşda Amerikanyň gadaganlyklaryna üns berilýändäldir sebäbi Amerikalylar başga ýurtlary birleşen milletler guramasynyň howpsuzlyk geňeşiniň tassyklamalaryna garşy amal etmäge mejbur etdirjek bolýar diýip nygtady.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif sözüniň dowamynda Amerikalylar gadaganlyklary amala aşyrmaga endik edendirler we diňe Eýrana garşy gadaganlyklary amala aşyrýandäldirler diýmek bilen durmuşku ýagdaýda Ýewropalylar Amerikanyň, Donald Trampyň we özleriniň bähbitleriniň arasyndan birini saýlamalydyrlar diýip beýan etdi.