Gasemi:Amerikanyň durmuşky döwletine ynam edip bolmaz
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Amerikanyň durmuşky döwleti bilen her hili gepleşigiň geçirilmegini ret edip bu ýurdyň döwletine ynam edip bolmaz diýdi.
şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi habar konferensiýasynda eden çykyşynda Eýran bilen Amerikanyň dawasyna we iki ýurdyň arasynda gepleşik geçirilmegi baradaky toslamalara yşarat edip Amerikanyň bir taraplaýyn şekilinde ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan soňra Eýrana garşy ykdysady gadaganlyklary amala aşyrmagy bilen gepleşik geçirilmegine şert galan däldir diýip nygtady.
Bahram Gasemi sözüniň dowamynda ýadro ylalaşygyny dowam etdirmek baradaky tekliplerini ileri sürmek üçin Eýranyň Ýewropa beren möhletine yşarat edip iki tarap şu ugurda yzygiderli ara gatnaşyklaryny dowam etdirip durandyr we umumy ýagdaýda bu mesele barada gowy alamatlar görünýär diýip beýan etdi.