Zarif: dünýä ýurtlary Amerikanyň gadaganlyklaryna goşulmagy islemeýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i3563-zarif_dünýä_ýurtlary_amerikanyň_gadaganlyklaryna_goşulmagy_islemeýär
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif dünýä ýurtlary Amerikanyň Eýrana garşy amala aşyrýan gadaganlyklaryna goşulmagy islemeýärler diýmek bilen durmuşda köp ýurtlar Amerikanyň gadaganlyklarynyň garşysynda durjak bolup tagalla edýärler diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 08, 2018 18:02 Asia/Ashgabat
  • Zarif: dünýä ýurtlary Amerikanyň gadaganlyklaryna goşulmagy islemeýär

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif dünýä ýurtlary Amerikanyň Eýrana garşy amala aşyrýan gadaganlyklaryna goşulmagy islemeýärler diýmek bilen durmuşda köp ýurtlar Amerikanyň gadaganlyklarynyň garşysynda durjak bolup tagalla edýärler diýdi.

şu gün Muhammet Jawad zarif habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Amerika ynam edip bolmaýanlygyny aýdyp Amerikanyň prezidenti Donald trampy Eýran bilen gepleşik geçirmek baradaky sözüniň üns bermäge laýyk bolmaýşy ýaly Amerikaly resmileriň Eýrana basyş bermek baradaky toslamalary hem üns bermäge laýykdäldir diýip nygtady.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif sözüniň dowamynda Amerikalylar hiç haçanda Eýran bilen gepleşik geçirmek barada dogrysyny aýdandäldirler we Trampyň gepleşik geçirmek baradaky teklibi hem propaganda hereketleriniň çarçuwasyndadyr diýip nygtap geçdi.