Aug 09, 2018 16:59 Asia/Ashgabat
  • Larijani:Amerikalylar hiç haçan ygrarynda duran däldirler

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Amerikalylar gepleşikleriň gidişinde gowy gürleýändirler emma amala gezek gelende dänýändirler diýdi.

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Tehranda Demirgazyk Koreýanyň daşary işler ministri RiYong-ho bilen duşuşygynda Amerikalylar gol çeken ylalaşyklaryna amal edýän däldirler diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasy Amerika bilen gepleşik geçirip görendir we Amerikalylaryň ygrarsyzdygyny bilýändir diýip nygtady.

Larijani sözüniň dowamynda Tehran döwleti Piung-ýang bilen syýasy we iki taraplaýyn hyzmatdaşlyklaryny ösdürmegi garşylaýandyr diýmek bilen Eýran Demirgazyk Koreýanyň bähbidini zor aýdyjy gudratlaryň garşysynda durmakda bilýändir diýip beýan etdi.

Demirgazyk Koreýanyň daşary işler ministri RiYong-ho hem bu duşuşykda Eýran bilen Demirgazyk Koreýanyň gatnaşyklarynyň ýüzüniň ösüşe taraplygy barada hoşallygyny beýan edip Eýranyň Demirgazyk Koreýa berýän goldawlary babatly minnetdarlygyny bildirdi.

Tags