Rahmani Fazli: Amerika Eýran milletinden ötünç soramalydyr
Eýranyň içeri işler ministri Amerika ýadro ylalaşygyna öwürlip gelmelidir we resmi tärde Eýran milletinden ötünç soramalydyr diýdi.
şu gün Eýranyň içeri işler ministri Abdulreza Rahmani Fazli Ýazd welaýatynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň Eýrana garşy äşgärleýin duşmançylyklaryna yşarat edip Amerikanyň resmilerine ynam edip bolmaz we ýaňadan Amerika bilen gepleşik geçirmek mümkindäldir diýip nygtady.
Eýranyň içeri işler ministri Abdulreza Rahmani Fazli sözüniň dowamynda Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagy we Eýranyň goňşy ýurtlarynyň hemde dünýäniň köp ýurtlarynyň Amerikanyň bu hereketine eýermezligi geljekde Eýran bilen başga ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlyklaryna aýdyň gözýetim döretdi diýip beýan etdi.
yslam ynkylabyndan 40 ýyl soňra Eýrany nebit gadaganlyklary bilen gorkuzyp bolmaz diýip Eýranyň içeri işler ministri Abdulreza Rahmani Fazli sözüne goşdy.