Aug 12, 2018 23:15 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Orsýetiň prezidentleriniň duşuşygy

Eýran bilen Orsýetiň prezidentleri hazar deňiziniň ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň başlyklarynyň gazagystanyň Aktau şäherinde geçiren maslahatynyň ýanynda duşuşyp ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara möpüm meseleler barada pikir alyşdylar.

şu gün Eýranyň döwlet baştutany hasan Ruhani  Aktau şäherinde Orsýetiň prezidenti Wladimir putin bilen geçiren duşuşygynda Tehran-Moskwanyň hyzmatdaşlyklaryna badalga berilmegini nygtady.

prezident ruhani sözüniň dowamynda Hazar deňizindäki Eýran bilen Orsýetiň hyzmatdaşlyklary iki milletiň bähbidinedir diýmek bilen hazar deňizi onuň ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň dostlyk deňizi bolmalydyr diýip nygtady.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem bu duşuşykda köp ugurlardaky Eýran bilen Orsýetiň gatnaşyklarynyň ýüzüniň ösüşe taraplygyna yşarat edip Moskwa döwleti Tehran bilen köpugurlardaky gatnaşyklaryna badalga bermäge taýýardyr diiýp yglan etdi.

Tags