mertebesi belent ýolbaşçy: Amerika bilen gepleşik geçirmeris
(last modified Mon, 13 Aug 2018 16:42:24 GMT )
Aug 13, 2018 21:42 Asia/Ashgabat
  • mertebesi belent ýolbaşçy: Amerika bilen gepleşik geçirmeris

Eýranyň yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri gadaganlyklar, uruş we gepleşik baradaky Amerikaly resmileriň edepsizlik bilen aýdan sözlerine yşarat edip uruş bolmaz we Amerika bilen hem gepleşik geçirmeris diýip nygtadylar.

şu gün Eýranyň yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri Eýran ilatynyň müňlerçesiniň arasynda beren gürrüňlerinde uruş ýüze çykmaz sebäbi biz öňkiler ýaly hiç haçan urşyň başyny başlamarys we Amerikalylar hem hüjüme başlamaz sebäbi ýüze-ýüz öz zyýanlaryna boljakdygyny bilýändirler çünki Eýran yslam respublikasy we Eýran milleti elgatyjylara agyrrak urgyny urjakdyr diýip beýan etdiler.

Eýranyň yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri sözüniň dowamynda Amerika bilen gepleşik geçirmek meselesine hem yşarat edip anyk deliller we mundan ozal gazanylan tejribeler esasynda we galp işlere baş goşýan mekirli we zoraýdyjy režim bilen gepleşik geçirilmeginiň uly zyýanlary babatly Amerika bilen gepleşik geçirmeýäris diýip yglan etdiler.

Eýranyň yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri sözüniň dowamynda ýadro ylalaşygyny Amerika bilen gepleşik geçirilmeginiň açyk netijesi hasaplap gepleşiklerdäki Amerikalylaryň ileri tutýan şiwesine garamak bilen dünýä döwletleriniň her birisi Amerikalylar bilen gepleşik geçirse kynçylyklara gabat geljekdir diýip beýan etdiler.Eýranyň yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi hezretleri şeýle-de Amerikalylar özleri bilen ugurdaş taraplary hem gaýgyryp goýýandäldir we olara hem zor aýtýandyr diýip sözüne goşdylar.