Jahangiri:Amerika bilen gepleşik geçirilmegi kabul ederlikli däldir
(last modified Wed, 15 Aug 2018 10:25:39 GMT )
Aug 15, 2018 15:25 Asia/Ashgabat
  • Jahangiri:Amerika bilen gepleşik geçirilmegi kabul ederlikli däldir

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Amerikanyň Eýrana garşy duşmançylykly syýasatlaryny we bikanun tärde ýadro ylalaşygyndan çykmagyny tankyt edip Amerikanyň duşmançylykly hereketlerine we Eýranyň garşysyndaky hormatsyzlygyna garamak bilen Waşington bilen gepleşik geçirmek kabul ederlikli däldir diýdi.

öten agşam Ishak Jahangiri Tehranda geçirilen bir maslahatda beren gürrüňlerinde Amerikanyň we oňa garaşly media serişdeleriň Eýrana garşy ýola beren propaganda uruşyna yşarat edip Waşington döwleti dürli ýollardan Eýrana basyş berip Eýrany yza çekilmäge mejbur etjek bolýar emma Eýranyň ilaty we döwlet jogapkärleriniň tagallalary bilen duşmanlar şowsyzlyga uçrajakdyrlar diýip nygtady.

Jahangiri şeýle-de geçen 4 aýyň boýunda Eýranyň eksport eden nebitiniň mukdary geçen ýylyň degişli döwrine görä gowlaşandyr diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasy dürli ýagdaýlara çäre görüp goýandyr diýip sözüne goşdy.