Aug 15, 2018 16:37 Asia/Ashgabat
  • Gasemi:Hazar deňiziniň hukuk derejesi baradaky konwensiýada Eýranyň haky köýen däldir

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Hazar deňiziniň hukuk derejesi baradaky konwensiýada Eýranyň hiç bir haky köýen däldir diýdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi sözüniň dowamynda Hazar deňiziniň çäklerini belli etmek barada  internet giňişliginde we sosial ulgamlarda neşir bolan ýalan habarlary ret edip Hazar deňiziniň hukuk derejesi boýunça konwensiýasynyň gol çekilmegi uly üstünlikdir we üstünde 20 ýyllap pikir alyşylan bu konwensiýa Eýranyň daşary syýasatyna hem uly abraý bolandyr diýip nygtady.

Gasemi şeýle-de Hazar ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň maslahatynyň ýanynda başga 6 ylalaşyga şol sanda tranzit ylalaşygyna,söwda we ykdysady hyzmatdaşlyklaryna,terrorizme garşy göreşmek ylalaşygyna guramalaşdyrlan jenaýatlaryna garşy göreşmek ylalaşygyna hemde serhet hyzmatdaşlyklary baradaky ylalaşygyna gol çekilendir diýip sözüne goşdy.

 

Tags